Duşenbe şäherinde türkmen-täjik söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň topary ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmen-täjik hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde toparyň başlyklary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary T.Atahallyýewiň we Täjigistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Ziyozoda Süleýman Rizoiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary depginini belläp, taraplar dürli meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, Täjigistana energiýa üpjünçiliginiň gerimini giňeltmek, bilim alyş-çalşygyny we medeni gatnaşyklary güýçlendirmek, iki ýurduň eksport we import önümleriniň, şol sanda dokma önümleriniň gerimini artdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Hökümetara toparyň çäklerinde iki ýurduň pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklary hem geçirildi. Hususan-da, "Türkmennebit" döwlet konserniniň başlygy G.Agajanowyň Täjigistanyň "Talko" Alýumin kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy N.Rajabow hem-de Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministriniň nebit-gaz meseleleri boýunça orunbasary Ş.Hudobahş bilen geçirilen duşuşyklarynda nebit önümleri we nebithimiýa pudagyndaky özara gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Genjiýew bilen Täjigistanyň Energetika we suw baýlyklary ministriniň birinji orunbasary Jamşed Şoimzodanyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Söhbetdeşlikde taraplar Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň we Täjigistan Respublikasynyň Energetika we suw baýlyklary ministrliginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň durmuşa geçirilişine ünsi çekdiler. Bu ugurda derýalaryň basseýniniň çaklamalary boýunça ýurtlaryň arasynda maglumat alyş-çalşyny güýçlendirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

 

2023-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary T.Atahallyýew Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon tarapyndan kabul edildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Täjigistanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hatyny gowşurdy.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa salamyny we iň gowy arzuwlary ýetirdi.

Duşuşykda dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklaryny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, söwda-ykdysady we maýa goýum işleriniň güýçlendirilmegine aýratyn üns berildi.