Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

2023-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi.

Myhman döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Liderine Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow goňşy döwletiň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

 Özbegistan Respublikasy Türkmenistanyň ýakyn goňşusydyr we strategik hyzmatdaşydyr. Biz dostlukly gatnaşyklary ösdürmek bilen, hemişe asyrlaryň dowamynda emele gelen dost-doganlyk, özara düşünişmek ýörelgelerine daýanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär. Biziň ýurtlarymyz halkara giňişlikde öz hereketlerini netijeli utgaşdyrýarlar hem-de tagallalaryny birleşdirýärler.

Taraplar iki doganlyk döwletiň Baştutanlarynyň arasynda emele gelen ynanyşmagyň hem-de özara düşünişmegiň derejesine ýokary baha berip, yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine ýardam berýändigini nygtadylar.

Nygtalyşy ýaly, köpugurly hyzmatdaşlygyň gün tertibinde söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan, oňyn ösüş depginini ikitaraplaýyn haryt dolanyşygy görkezýär,ýangyç-energetika, ulag-logistika, oba hojalygy pudaklaryndaky gatnaşyklar giňeldirlýär, sebitara hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär.

Şeýle hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekip, taraplaryň geljekde-de ylym-bilim alyşmalaryny, konsertleri, sergileri we beýleki medeni çäreleriň geçirilmegini dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.