Daşkentde türkmen-özbek iewürler maslahaty geçirildi

2018-nji ýylyň 24-nji aprelinde Daşkent şäheriniň “International Hotel Tashkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparyna gabatlanyp, türkmen-özbek işewürler maslahaty geçirildi.

Türkmen wekiliýetiniň düzümine ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, kärhanalarynyň we köp sanly beýleki hususy düzümleriň ýolbaşçylary we hünärmenleri, hususy telekeçiler girdiler. Özbek tarapyndan maslahata döwlet düzümleriniň - Ykdysadyýet, Daşary söwda, Suw hojalygy, Maglumatlar tehnologiýalary we kommunikasiýalary ösdürmek boýunça, Oba hojalygy, Saglygy goraýyş ministrlikleriniň, Söwda-senagat edarasynyň, şeýle hem 80-den gowrak iri kärhananyň, holding kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyş edenler Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň täze belentliklere çykýandygyny hem-de anyk netijelere gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapynyň wekilleri ýygnananlary milli ykdysadyýeti ähli pudaklara iň täze tehnologiýalaryň we dolandyrmagyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagynyň, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçirilmeginiň, hususy telekeçiligiň giňden goldanylmagynyň hasabyna diwersifikasiýalaşdyrylmagyny göz öňünde tutýan Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlary bilen jikme-jik tanyşdyrdylar.

Dürli ugurda mümkinçilikleri bolan özara bähbitli söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy giňeltmäge iki döwletiň hem özara gyzyklanmasyny tassyklamak bilen, işewür duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar. Pikir alyşmalaryň çäklerinde söwda gatnaşyklaryny giňeltmegiň, eksport-import amallaryny, birek-birege iberilýän harytlaryň hem-de edilýän hyzmatlaryň sanawyny artdyrmagyň zerurdygy bellenildi.

Umumy mejlis tamamlanandan soň, iki ýurduň döwlet düzümleriniň we hususy işewürliginiň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirilip, olaryň barşynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, täze bilelikdäki kärhanalary döretmek hem-de iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.