Türkmen-hytaý strategiki hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, Sinzýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretary Ma Sinžuýyň ýolbaşçylygyndaky  Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti bilen söhbetdeşlik geçirdi.

 Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň geriminiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem döwlet Baştutanlarynyň söhbetdeşlikleriniň, hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bir guşak, bir ýol” üçünji forumyna gatnaşmak üçin şu ýylyň oktýabr aýynda HHR-na bolan saparynyň dowamyndaky gepleşiklerde gazanylan ylalaşyklaryň  durmuşa geçirlişi barada pikir alyşdylar.

Ministr bu günki gün hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň türkmen-hytaý gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça uly depginde ösýär, munuň esasy faktory bolup iki ýurduň ýolbaşçylarynyň ynamly we dostlukly dialoglary çykyş edýär diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet baştutanlary derejesindäki ýokary derejeli işjeň gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan bu ýana hem pugtalandyrylmagyna, şol bir wagtda iki ýurduň sebitara arabaglanşygyny ösdürmäge uly itergi berýär.

Duşuşykda söwda-ykdysady arabaglanşygyny giňeltmegiň meselelerine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşler bilim, ylym, medeni alyş-çalyş we Türkmenistanda hytaý dilini öwrenmek ugrundaky üstünlikli özara gatnaşyklara üns bermek arkaly, medeni we ynsanperwer ugurlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýandygy babatda bir pikirde boldular. Şol bir wagtyň özünde, iki ýurduň ýaşlarynyň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmegiň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, şu günler ýurdumyzyň Mary şäherinde şu ýylyň maý aýynda Sian şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa-Hytaý” formatdaky döwlet baştutanlarynyň sammitinde Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen öňe sürlen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlary üçin “Beýik Ýüpek ýolunyň täze döwri” atly Ýaşlar forumy geçirilýär.

Sebitara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň çäklerinde, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň Sinzýan-Uýgur awtonom raýony bilen oba hojalygy, söwda, energetika, lukmançylyk, bilim, medeniýet we syýahatçylyk pudaklarynda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi.