YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-EÝRAN HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ BAŞLYKLARYNYŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI BARADA

2023-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň ýollar we şähergurluşyk ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň eýran böleginiň ýolbaşçysy Mehrdad Bazrpaş bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Toparyň nobatdaky mejlisi bilen bagly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 14-15-nji iýunynda, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 30-31-nji maýynda Eýrana amala aşyran saparlarynyň ýokary ähmiýeti bellenildi.

Şunuň bilen birlikde, Ministrler ýokarda agzalan saparlaryň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini bellediler.