LIWIÝANYŇ ÝAŞLARYŇ IŞLERI BOÝUNÇA MINISTRI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK BARADA

img
img
img
img

2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Liwiýanyň ýaşlaryň işleri boýunça ministri Fatalla Elzuni bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar iki ýurduň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy, şol sanda, ýaşlar syýasaty ugrundaky gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardyklaryny nygtadylar.

Türkmenistanyň we Liwiýanyň arasynda ylym-bilim, sport ulgamynda gatnaşyklary ilerletmek, iki ýurduň ýaşlarynyň arasynda dürli forumlary we çäreleri geçirmek barada özara pikir alşyldy.