TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «CIFAL» KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Cifal» kompaniýasynyň prezidenti Žil Remini kabul etdi.

Işewür döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady we türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw etdi. Fransiýanyň we tutuş Ýewropanyň işewür toparlary okgunly ösýän Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygy, munuň üçin ýurdumyzda oňyn ykdysady hyzmatdaşlyk üçin amatly şertler döredilendigi bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, işewüriň Aşgabada şu saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmaga oňat mümkinçilik döretjekdigini hem-de Türkmenistanyň Fransiýanyň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini nygtady.

Ýurdumyz Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk, aýratyn-da, öňdebaryjy ylmy-tehniki gazananlary we innowasion işläp taýýarlamalary çekmekde gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr. Döwlet Baştutanymyz özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezen «Cifal» kompaniýasynyň ýurdumyzyň öňden gelýän dostudygyny aýdyp, soňky döwürde hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň toplanandygyny, iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde özara ynanyşmagyň ýola goýlandygyny belledi. Häzirki döwürde fransuz kompaniýalarynyň birnäçesi «Cifal» bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda Türkmenistanda gurluşyk, nebitgaz toplumynda, awiasiýa ulgamynda üstünlikli işleýärler.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirip, maglumat tehnologiýalary, oba hojalygyny sanlylaşdyrmak, suw tygşytlaýjy we «ýaşyl» tehnologiýalary ulanmak ulgamynda öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini çekmäge aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy.