TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2023-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Dostlukly ýurduň Lideri döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, bagt, köpugurly hem-de jogapkärli döwlet wezipesinde berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Özbegistanyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ägirt uly şahsy goşant goşýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza özüniň mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglardyr hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň doganlyk Özbegistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini belledi.

 Nygtalyşy ýaly, soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk giň ugurlar boýunça ösdürilip, hil taýdan täze derejä çykaryldy.

Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyzyň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl-de, abraýly halkara düzümleriň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi.

Döwlet Baştutanlary söhbetdeşligiň çäklerinde ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Munuň özi oba hojalyk, elektroenergetika pudaklaryna, nebitgaz toplumyna we beýleki ulgamlara hem degişlidir. Soňky ýyllarda sebitleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk has işjeňleşdirildi. Işewürler toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklar üstünlikli amala aşyrylýar.