TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2023-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Russiýanyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.

Prezident W.Putin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşan uly goşandyny belledi hem-de Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Şeýle-de Russiýanyň Prezidenti ýurduň Primorýe ülkesiniň çagalaryna ynsanperwerlik kömeginiň iberilendigi üçin Türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Prezident Wladimir Putine gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky öňden gelýän dostluk, ynanyşmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň ýokary derejä çykandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň ikitaraplaýyn görnüşde hem, halkara guramalaryň çäklerinde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini belläp, çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk ruhunda türkmen-rus gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine özara gyzyklanmany tassykladylar.

Söwda-ykdysady ulgamyň döwletara gatnaşyklaryň gün tertibinde aýratyn orun eýeleýändigini kanagatlanma bilen nygtap, Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Wladimir Putin özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda energetika, söwda, ulag, oba hojalyk pudaklaryny görkezdiler.

Şeýle hem işjeň häsiýete eýe bolan medeni-ynsanperwer dialog we yzygiderli ösdürilýän parlamentara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen birlikde, söhbetdeşler Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň arasynda ýola goýlan göni gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny bellediler.