TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ W.W.Ý.Ý. PAKISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 22-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Raşid Meredow Yslamabatda Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirdi. Onuň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

R.Meredow Pakistan Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklaryň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Pakistan Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýan ilkinji döwletleriň biri bolup (1992-nji ýylyň 9-njy maýy), Türkmenistanyň Bitaraplygyny hem işjeň goldady.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Pakistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmeginiň wajypdygyny nygtady we bu ugurda Bilelikdäki hökümetara türkmen-pakistan toparynyň işini güýçlendirmegiň möhümdigini belläp, 2022-nji ýylda Yslamabatda nobatdaky mejlisini geçirmegi teklip etdi.

Diplomatlar bilelikdäki iri taslamalaryň, şol sanda TOPH gaz geçirijisiniň, TOP elektrik geçirijisiniň we optiki-süýmli aragatnaşyk ulgamynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilişini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.