Italýan kompaniýalary üçin Türkmenistanyň tanyşdyryşy geçirildi

2021-nji ýylyň 7-nji iýulynda göni wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly italýan kompaniýalary üçin «Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» ýurt tanyşdyryş maslahaty geçirildi.

Tanyşdyryş maslahatynda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew we italýan wekiliýetine - Italýan Respublikasynyň Daşary işler boýunça döwlet sekretarynyň orunbasary Manlio Di Stefano ýolbaşçylyk etdiler. 

Duşuşyga şeýle-de Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri, Türkmenistanyň Italýan Respublikasyndaky Ilçisi, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, «Türkmengaz» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de «TAPI Pipline Company Limited» paýdarlar kompaniýasynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyryşa Italýan tarapyndan Italýan söwda agentliginiň Baş direktory, Italýan senagatynyň ählumumy konfederasiýasynyň halkara işleri boýunça Wise-prezidenti we Italiýanyň «SACE» döwlet eksport-karz agentliginiň Prezidenti gatnaşdylar. Şeýle-de duşuşyga Italiýanyň 120-ä golaý iri kompaniýalarynyň we maliýe institutlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Bu çäre iki ýurduň döwlet we hususy pudagynyň wekilleriniň arasynda özara hereketleriň täze görnüşleriniň gözlenilmegi, şol sanda ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin özboluşly meýdança öwrüldi.

Şunlukda, çykyşlaryň barşynda Türkmenistanyň we Italiýanyň arasynda bilelikde durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň ösüşiniň oňyn depgini bellenilip geçildi.

Şu nukdaýnazardan, maýa goýumlar, sanly tehnologiýalar, agrosenagat toplumy, ýeňil senagaty, ulag we logistika, saglygy goraýyş, maliýe-bank ulgamlary we beýlekiler özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe çykaryldy.

Italýan işewürleri özleriniň birek-birege ynanyşmak, hormat goýmak we özara peýda ýörelgelerinde alnyp barylýan köptaraplaryn hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşdirilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler. Şeýle-de tanyşdyryş çäresiniň barşynda taraplar «SACE» döwlet eksport-karz agentligi tarapyndan Türkmenistanda işewürlik pudagynyň maliýeleşdirilmegi üçin teklip edilip bilinjek maliýe, ykdysady we tehniki gurallar dogrusynda hem jikme-jik pikir alyşdylar.  

Duşuşyga gatnaşyjylar ýurtda öz ösüşinde ýerli çig mal çeşmelerine, kämil tehnologiýalara esaslanmak arkaly, Türkmenistanyň senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň has hem giňeldilmegine itergi berýän, iri eksporta gönükdirilen we importyň ornuny tutmagyny maksat edilip kemala getirilýän ulgamyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.