Tokioda Gahryman Arkadagymyzyň ýapon diline terjime edilen “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň çäklerinde Tsukuba Uniwersitetinde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektorlarynyň gatnaşmagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýapon diline tejime edilen “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çärä Tsukuba Uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary, Ýaponiýanyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri, Ýaponiýada bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Çärede çykyş eden myhmanlar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň kitabynyň ýokary ähmiýetini bellediler. Onda nesilden nesle geçip gelýän türkmen däplerine we taryhymyza hem-de ýurdumyzyň häzirki ösüşlerine üns berilýär.

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar kitapda adamzadyň, dünýäniň, tebigatyň we durmuşyň ähmiýeti baradaky pikirleriň jemlenendigini hem-de ýaş nesle gymmatly öwüt-ündewleriň beýan edilendigini bellediler.

Kitabyň “Ýagşy adam ýatdan çykmaz” atly bölümine aýratyn üns berildi. Onda Ýaponiýanyň öňki Premýer-ministri Sindzo Abeniň türkmen-ýapon dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegindäki möhüm orny beýan edilýär.